Talyp Wizasy Üçin Gerekli Resminamalar
4 Mayıs 202681 görüntülenme

Talyp Wizasy Üçin Gerekli Resminamalar


Üns beriň: Siz ähli resminamalary doly tabşyran bolsaňyz hem, Ilçihana goşmaça resminamalary talap etmek hukugyna eýedir.

1. Pasport
Ýüz tutujynyň Türkiýä gelmegi meýilleşdirilýän senesinden başlap, iň az sekiz (8) aý möhleti bolan pasportyň asyl nusgasy, göçürmesi we azyndan 2 sany boş sahypasy bolmalydyr.

Bar bolsa, ozalky pasportlaryň we alnan Türkiýe, Şengen, Beýik Britaniýa ýa-da ABŞ wizalaryň göçürmesi.

2. Biometrik surat
Iki (2) sany täze biometrik fotosurat. Surata bolan talaplar: ak arkaly (fon), ölçegi 5x6 sm we soňky alty (6) aýyň içinde düşülen bolmaly.
3. Şahsyýetnama we ýaşaýyş rugsatnamasy

Türkmenistanyň raýatlary üçin:

  • Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň (içerki pasport) asyl nusgasy we göçürmesi.
  • Dogluş hakynda, Nika baglaşylan/ bozulandygy hakynda şahadatnamalar we türk diline terjimeleri.


Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary üçin:

Arza berijiniň azyndan üç (3) aý möhleti galan Türkmenistanda ýaşamak üçin rugsady bolmalydyr. Rugsatnamanyň asyl nusgasy we göçürmesi.

4. Okuw jaýyna degişli resminamalar
Türkiýedäki uniwersitetden türk dilinde täze talyp kabul ediş haty (okuw maksatnamasynyň dowamlylygy görkezilmeli, okuw hasaba alyş möhleti geçmedik bolmaly -möhlet tabşyrýan wagtyňyza baglylykda üýtgäp biler).

Talybyň orta mekdebi tamamlandygy baradaky şahadatnamasy (atestat).

Okuwyny dowam edýän talyplar üçin okuw ýerinden talyp şahadatnamasy, talyp ýaşaýyş rugsatnamasy we bahalar sanawy (öğrenci belge, ikamet izni we not dökümü/transkript).

Magistratura (ýüksek lisans) tabşyrýan bolsa bakalawr diplomy.

5. Hemaýatçynyň (sponsoryň) resminamalary
Hemaýatçysyz (sponsorsyz) arza kabul edilmeýär.

Türkiýanyň raýaty sponsor bolsa: Notarius tarapyndan tassyklanan hemaýatçylyk barada Kepillik hatyny (Taahhütname), iş ýerinden aýlyk haky görkezilen kepilnama (soňky 3 aý bolmaly) ýa-da soňky üç (3) aýyň bank hasap hereketi bolmaly.

Türkmenistanyň raýaty sponsor bolsa: Garyndaşlygyna garamazdan, notarius tarapyndan berlen sponsor arzasy, iş ýerinden aýlyk zähmet haky görkezilen kepilnamasy we iki resminamanyň hem türk dili terjimeleri.

6. Kämillik ýaşyna ýetmedik ýüz tutujylar üçin (18 ýaşdan kiçi)
Ene-atanyň ikisiniň hem goly çekilen, notarius tarapyndan tassyklanan razylyk/ Ynanç hatynyň asyl nusgasy we türk diline terjimesi.
Ene-atanyň razylyk hatyndan başga-da talybyň doguluş şahadatnamasy we ene-ata aradan çykan bolsa ölüm haty, türk diline terjimeleri bilen şu aşakdaky tertipde tassyklanmagy hökmanydyr:

  • Türkmenistanyň Döwlet notariusy tarapyndan tassyklanan.
  • Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanan.
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan tassyklanan.
  • Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasy tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.


7. Goşmaça Resminamalar
Türkmenistandaky ýa-da Türkiýedäki jaý/ýer mülk kagyzlary (Tapu), bank hasap hereketleri, ulag tehpasporty ýa-da öňki Türkiýe ýaşaýyş rugsatlary.

Türkiýede ýaşaýan 1-nji derejeli ýakyn garyndaşlaryň rugsatnama nusgalary.